Автор: Korpeje Создана: 29 Сент 2018 в 06:56 Название: Soyushim hakda oylansam
Söýüşim Hakda Oýlansam Süýji sözläp bir-biregi aldaýas Men jan etýän, sen gomalyp aýnaýañ Menä emaý bilen söze bal çalýan Sen bolsa syrtaryp sakgyç çeýneýäñ Ikimizem bir-biregi oýnaýas Eýderis, beýderis diýip geljekde Ýöne ilki köşejigim diýişmän Göni düýä geçseñ gödek boljakda-a Eý, bärik süýşsene, bir zat aýdaýyn Ýekelik kyn düşýär, şuny bilsene Senem özim ýaly eýesiz bolsañ Uruşýançak maña ýoldaş bolsana Menä şeýdip söz aýtjakdym aslynda Çilimkeş hem alkaşdygmam aýtjakdym Dogryçylyñ dosty ýoklygy üçin Akmak ýa-da äsgerenok öýtjekdiñ Onsañ ýalanjykdan edepli boldym Salyhat edindim ýok ýerden tapyp Şeýdip bir-biregi yrdyk biz balym Hakyky ýüzmize ýalan ýüz ýapyp Beýnim bilen bile däldi bedenim Senem menden oñly bir adam däldiñ Söýgiñ kanunyda gyza ýalbarmak Ýogsa ýalbararlyk bir zadam däldiñ Ahmal, sen ýalñyşym, ýöne olam hiç Birazajyk wagtdan çalyşaýaryn Hakyky ýüzümi saña açypjyk Soñ başga nikaba çolaşaýaryn Ýa, ýalanam bolsa gynanan boryn Eşşi bolan boryn eşşi etýärkäm Kim eşşi bolanda maña nämaý ol Başga birin tapyp özim gitýärkäm Men gury gitmerin, sagbol aýdaryn Sowgadam ederin odur-budur zat Bilgin, zat köýdürip aýrylyşmak kyn Mugt ýetip aýrylmak her kime añsat by SöSäM {A.S.K} 4.06.2018.