DSBlog - Arkadag
* Şahsy bloglar | Zehin | Arkadag
Avatar Автор: Zehin ( 20 Фев 2019 в 16:19)
Görilen: 7
Bütin dünýäň ykrar eden döwleti,
Rowaçlygyň ýyly bilen Arkadag,
Artýar sungatymyň gadyr-gymmaty,
Rowaçlygyň ýyly bilen, Arkadag.
Waspyň edip sesim goşsam döwrüňe,
Kalbym joşup, ömür goşýar ömrüme,
Ertekimi bu günler ýa göwnüme,
Rowaçlygyň ýyly bilen, Arkadag.
Baýdagym parlaýar erkin şemala,
Ösüşlerem, düýşde ýaly hamala,
Ylham goşýar gülden görkli zamana,
Rowaçlygyň ýyly bilen, Arkadag.
Şanyňa ýazylar müň gazal-aýdym,
Seni gursakdaky ýüregim saýdym,
Geljegiň rowaçly aýna deý aýdyň.
Rowaçlygyň ýyly bilen, Arkadag.
Meredow Gurbanmämmet
« Öňki. (113 из 194) Indiki. »
Paýlaşdylar: (0)
* (0) *
В соц. сети:
Teswir: (0)
Hat ýok
* Şahsy bloglar | Zehin | Arkadag

© SAYALY | 2019
Счетчики