DSBlog - Senmi Söýgi
* Şahsy bloglar | Akapella | Senmi Söýgi
Avatar Автор: Akapella ( 13 Марта 2019 в 00:21)
Görilen: 6
 Eý söýgi, eý söýgi, eý beýik söýgi!
Muhammet ymmatyn ýaradan senmi?
Ýa bolmasa tozap ýatan tümlükden
Asmany, zemini döreden senmi?
 
Barha alawladyp yşkyň körügin,
Penjesine düşdiň gepçi görübiň.
Şaseneme ýedi ýyllap Garybyň,
Didaryn görmäge zar eden senmi?
 
Mežnun yşk oduna tapman dermany,
Şol diňli çöllerde çekdi armany.
Meňliden aýyryp Magtymgulyny
Eziz ýeňňesine ýar eden senmi?
 
Bir zady bilemok barmyka söýgi?!
Munda şatlyk köpmi ýa-da köp gaýgy.
Dyz epip ýalbarýan aýtsana söýgi!
Bu gözel dünýäni nur eden senmi?
« Öňki. (110 из 194) Indiki. »
Paýlaşdylar: (0)
* (0) *
В соц. сети:
Teswir: (2)
* Şahsy bloglar | Akapella | Senmi Söýgi

© SAYALY | 2019
Счетчики