DSBlog - HAKYKY BAÝLYK
* Şahsy bloglar | ezizhan | HAKYKY BAÝLYK
Avatar Автор: ezizhan WAP ( 12 Апр 2019 в 17:04)
Görilen: 19
Günlerde bir gün bir baý adam ogluny gezelenje alyp gidýär.Baýyñ maksady,bu gezelençde ogluna adamlaryñ nähili ýaşaýandygyny görkezip,oña özlerindäki maddy baýlygyñ gadyryny has gowy bildirmek eken.
Olargüzeranyny zordan aýlaýan garyp garyndaslarynyñ öýünde bir günläp myhman bolýarlar.Myhmançylykdan dolanyp gelýärkäler,kakasy ogluna:
---Oglum,bu gezelençden soñ adamlaryñ nähili garyp ýasaýandygyna göz ýetirensiñ.Hany,indi sen maña biziñ baýlygymyz bilen olaryñ garyplyklaryny deñesdirip ber diýýär.
Ogly hem kakasyna düýnden bäri özünde uly täsir galdyran zatlary gürrüñ bermäge bashlaýar:
---Kaka,biziñ bir pishigimiz bar,olaryñky bolsa sanap ýetisherdenem köp ekeni.Biziñ howlymyzda uly bir howzumyz bar,olaryñ bolsa içi balykdan doly,añyrsy-bärsi görünmeýän ýaplary bar.Biziñ howlymyzy ýagtyldyp duran uly çyralarymyz bar,olaryñ bolsa sansyz ýyldyzlary bar.Biziñ görshümiziñ çägi haýatymyza çenli, olar bolsa bütin asmanyñ ýüzüni görýärler.
Ogly haýran galmakdan ýaña doñup galan kakasynyñ gözüne bakyp,çalaja ýylgyrýar-da sheýle diýýär:
___Hakyky baýlygy görmäge kömek edeniñ üçin sag bol,kaka!
« Öňki. (183 из 305) Indiki. »
Paýlaşdylar: (0)
* (2) *
В соц. сети:
Teswir: (5)
* Şahsy bloglar | ezizhan | HAKYKY BAÝLYK

© SAYALY | 2019
Счетчики