DSBlog - Dost
* Şahsy bloglar | ezizhan | Dost
Avatar Автор: ezizhan ( 30 Апр 2019 в 11:12)
Görilen: 12
Sözümiz azashdy
Nurnazar bilen.
Ol az-kem günäkär,
Azajygam men.
***
Shondan bärem indi,
Men pikire gap.
Oýurganyp ýörün,
Böwrümi diñläp.
***
Akyl berdim birde,
Öz-özüme men.
Dushushjak bolmaly,
Beýdip ýörenden.
***
Bilýän düshünshmäge
Tapylar bir ýol.
Ýogsam beýdip ýörmek,
Hiç göwne jaý däl.
***
Indi gaýra goýman,
Ýarashmaly Sen!
Sholary niýetläp
Çykdym men öýden.
***
Beýder diýen pikir
Hiç ýokdy mende,
Görsem ol öýmüziñ
Töwereginde.
***
Garashýan ekeni,
Çykaryma meniñ.
Düshündim dostuma
Ony göremden.
***
"Dost hem dosta gerek"
Diýlen gürrüñ hak.
Añsat däl ekeni,
Dostsyz ýashamak.
« Öňki. (46 из 195) Indiki. »
Paýlaşdylar: (0)
* (0) *
В соц. сети:
Teswir: (9)
1 2 >
* Şahsy bloglar | ezizhan | Dost

© SAYALY | 2019
Счетчики