DSBlog - Söýgä soraglarym
* Şahsy bloglar | ezizhan | Söýgä soraglarym
Avatar Автор: ezizhan ( 1 Мая 2019 в 05:29)
Görilen: 18
Söýgi sen gudratmy,shatlykmy hasrat,
Perishdemiñ ýada ýaradan senmi?!
Ýa bolmasa tozap ýatan tümlükde,
Asmany,Zemini döreden senmi?!
""" """ """
Ynsanyñ kalbyny köz ýaly dörüp,
Kä söndürüp,käte odun ölçerip,
"Wah,Shirinim"diýip,daglary ýaryp,
Perhadyñ bagtyny garaldan senmi?!
""" """ """
Mejnun yshk oduna tapman dermany,
Shol düñle çöllerde çekdi armany.
Selbini agladyp,ashyk Hemrany,
Saýadyñ ýoluna ugradan senmi?!
""" """ """
Barha alawladyp,yshkyñ körügin,
Penjesine düshüp gepçi-görübiñ,
Shaseneme ýedi ýyllap Garybyñ,
Garasyn görmäge zar eden senmi?!
""" """ """
Shahyr bilbil bolup söýdi gülüni,
Neçüýn ýalkamadyñ bagtyñ guluny,
Meñliden aýyryp Magtymgulyny,
Eziz ýeññesine ýar eden senmi?!
"dowamy bar"
« Öňki. (260 из 414) Indiki. »
Paýlaşdylar: (0)
* (1) *
В соц. сети:
Teswir: (2)
* Şahsy bloglar | ezizhan | Söýgä soraglarym

© SAYALY | 2019
Счетчики