DSBlog - Altynyñ biri
* Şahsy bloglar | Gde | Altynyñ biri
No Avatar Автор: Gde ( 20 Мая 2019 в 09:50)
Görilen: 10
‘ALTYNYÑ BİRİ’
‘Gyzlaryñ gowsy gyşyk çatmadan çykar’
(???????-A.S.Puşkin öýdýän?)
Çatmadan çykanda gyzlaryñ gowsy,
Gupbadan eşdiler sazlaryñ gowsy,
Bir gupba ýüz öýe ýaýradar buşluk,
Gyşyk çatmalarda oýanar ýaşlyk.
Bir gyz iki bolar soñ ýeter üçe,
Onsoñ iki üçe, görklener köçe.
Alty boýdaş jora ugrarlar bäri,
Öñün başlap gaýdar ‘altynyñ biri’.
Biri ‘daga’ meñzär, bäşisi gaýa,
‘Dag gyz’bedre sallar kyrk gulaç guýa.
Çepiksizje oglan bir ýerden çykar,
Gelerde ‘dag gyzyñ’ öñünde çöker.
‘Armaweriñ gyzlar!’ bedräni götär,
Bedre-de titrär, oglanam titrär.
‘Bar boluñ!’ ýylgyrar gyzlaryñ gowsy,
Sähelçe epiler dyzlaryñ gowsy,
Mele ýeri öper saçlaryñ gowsy,
Meger on ýedidir ýaşlaryñ gowsy,
Açykdyr göwünler tämizdir ýürek,
Tämiz söýgä mydam tämizlik gerek.
Erninden suw beren kümüş bedreler,
Sallanyp, sallanyp öýe giderler.
Gañrylyp-gañrylyp ‘altynyñ biri’,
Öýlerne ýetýänçä sereder bäri.
‘Baý, baý ýigit çykyp gidipsiñ senem’.
Körär ýaş ýürekde kijijik ynam.
Girer gyşyk çatma gülleriñ gowsy,
Ýapar gapykilmi elleriñ gowsy.
Gün geçer, aý geçer, şol gapykilim,
Aýsyz gijelerde serpiler telim.
Şondan ýanyp çykar şemleriñ gowsy,
Gaşyny çirkizer demleriñ gowsy,
Gözüñe bakanda gözleriñ gowsy,
Gözler bir-biriniñ suratyn çeker,
Açlyk, horluk, uruş ýadyñdan çykar.
Uruş tamam bolar on
1 2 >
« Öňki. (361 из 550) Indiki. »
Paýlaşdylar: (0)
* (0) *
В соц. сети:
Teswir: (0)
Hat ýok
* Şahsy bloglar | Gde | Altynyñ biri

© SAYALY | 2019
Счетчики