DSBlog - ZÜLPÜŇ
* Şahsy bloglar | Gde | ZÜLPÜŇ
No Avatar Автор: Gde ( 11 Июля 2019 в 08:24)
Görilen: 15
Aždarha dek ýassanyp, genji-nahana zülpüň, Meşhury älem olmuş pany jahana zülpüň, Görkezmedi gül ýüzüň bag Ispihana zülpüň, Äleme anbar saçar, degende şana zülpüň, Neýleý ki, ot salypdyr men natuwana zülpüň.
Haý-haý, seniň ýörişiň arslana, şire ogşar, Ala-ala gözleriò janymny iýre ogşar, Halka-halka zülpleriň kemendi dara ogşar, Örüm-örüm saçlaryň owsunçy mara ogşar, Her tary başga-başga, ot saldy jana zülpüň.
Ençe dessan eýlerem ýaryň çeşmi mestine, Bir mylaýym söz bilen gülüp baksa dostuna, Ýerden göter zülpüňi, goýma aýak astyna, Sähelçesin sypalap, goýber ýüzüň üstüne, Dökülsin zire-zire näzik nahana zülpüň.
Eý doganlar, neýläýin, kine-şekesdir maňa, Dünýä baky berilmez, sen bolsaň, besdir maňa, Sen gözüňden salmasaň, bu dünýä dürsdür maòa, Meger, gözüňden salsaň, bu dünýä ýasdyr maňa, Gyzyl suwun beräli, getir dükana zülpüň.
Dürli-dürli iýmişiň tapylmaz her agaçda,
Bäh, ne katdy-kamatyň, zülaly boýda, başda. Ýöräp-ýöräp ýetişsem, tarypyň eşde-eşde, Darap-darap goýberseň, ýüzüòde puşda-puşda, Altyn suwun beräli, getir dükana zülpüň!
Hup açylmyş
1 2 >
« Öňki. (63 из 426) Indiki. »
Paýlaşdylar: (0)
* (2) *
В соц. сети:
Teswir: (2)
* Şahsy bloglar | Gde | ZÜLPÜŇ

© SAYALY | 2019
Счетчики