DSBlog - Gaýtaryp beräý!
* Şahsy bloglar | Durdyyewa | Gaýtaryp beräý!
Avatar Автор: Durdyyewa ( 11 Июля 2019 в 20:57)
Görilen: 26
Gaýtaryp beräý!
Beräý aýdan sözlerimi yzyna,
Çilen ýüregiňi gaýtaryp beräý!
Erkin, gamsyz günlerimi yzyna,
Özümi özüme gaýtaryp beräý!
Sesiň eştsem, köňle biraz teselli,
Eşitmesem, men bir ýatan keselli,
Günlerim ýaşmaýar, gijäm uzaldy,
Gije-gündüzimi gaýtaryp beräý!
Galmady kararym, tükendi takat,
Wagtam teý geçmeýär, saklandy sagat,
Janym nirelerde taparka rahat?
Janymy tenime gaýtaryp beräý!
Sen bolsaň, men deňiz, bolmasaň - salgym,
Sen meniň çykalgam, çykgynsyz halym,
Şadyýan gyzdym men, gam bolup galdym,
Ýitiren ýazymy gaýtaryp beräý!
Bu gün gussa bilen boldum aşna men,
Hopukýan howada, suwda teşne men,
Derelerden zaryn akan çeşme men,
Şadyýan sazymy gaýtaryp beräý!
« Öňki. (61 из 426) Indiki. »
Paýlaşdylar: (0)
* (4) *
В соц. сети:
Teswir: (4)
* Şahsy bloglar | Durdyyewa | Gaýtaryp beräý!

© SAYALY | 2019
Счетчики