DSBlog - Wi-Fi tizligini güýçlendirmek
* Şahsy bloglar | PerhaTSabirow | Wi-Fi tizligini güýçlendirmek
Avatar Автор: PerhaTSabirow ( 13 Авг 2019 в 23:53)
Görilen: 5
Wi-Fi tolkunlary radiotolkunlardan emele gelendir, Ýagny telefonuňyz ýada radiolaryňyzyň üsti bilen alýan elektromagnit tolkunlarymyz ýaly. Wi-Fi tolkunlary diýseň gysga bolýar, adaty görnüşi 12sm uzynlygynda bolýar. Uzaklaşdygyňça signaly peselýär, köpüsi (Türkmenistanda kanun tarapyndan rugsat berilenler) 45 metrden uzaga gidip bilenok. Aslynda diwarlar, metallar signalyň ýaýranasyna päsgel berýän zatlar. Ilkinji etmeli zadyňyz modemiňizi öýüňiziň merkeziräk ýerine ýerleşdirmeli, sebäbi hemme ýere deň signal ýaýradýar. Näçe açyk ýerde dursa şonça gowy. Guty ýa-da şkafyň içine goýsaňyz signal peseler. Öýüňizde iň uzak burçlary görüp boljak we otaglara deň derejede ýakynlykdaky ýer modemi goýup bolaýjak iň gowy ýer.
Modemleriňizi has ýokarrakda goýmaly, sebäbi ýerde goýsaňyz, ýerde goýulýan käbir zatlardan signallaryň geçmesi kyn. Diwan, stol, stullar we ş.m.
Gündelik durmuşda ulanýan elektroniki enjamlarymyzyň köpüsi modem signallaryny peseldip bilýär. Telewizor, kompýuter, mikrotolkun peçler we içinde motor bilen işleýän ş.m enjamlar. Modemiňizi bu enjamlardan uzakda saklamagy maslahat berýärin. Käbir modemler iki
1 2 >
« Öňki. (38 из 553) Indiki. »
Paýlaşdylar: (0)
* (0) *
В соц. сети:
Teswir: (0)
Hat ýok
* Şahsy bloglar | PerhaTSabirow | Wi-Fi tizligini güýçlendirmek

© SAYALY | 2019
Счетчики