Goşa çynaryň saýasynda gürrüňdeşlik
DSBlog - ÝATLANJAK BOLUŇ
* Şahsy bloglar | 66970297 | ÝATLANJAK BOLUŇ
No Avatar Автор: 66970297 ( 9 Окт 2018 в 16:20)
Görilen: 19
Ýere agram bolup geçip gitmäliň.
Her kim bu durmuşda tapmaly ýolun.
Biriň şahyr boluň biriň sazanda,
Uçarman,mugallym,süriji,alym.
Ýere agram bolup geçip gitmäliň ,
Döretjek boluň!
Atalaryň kesbin ýöretjek boluň!
Boş ýatan ýerleri ýer etjek boluň!
Gurjak boluň!
Biljek boluň!
Bilmeseň bilýäne seretjek boluň!
Bilseň bilmeýäne öwretjek boluň!
Söýjek boluň!
Söýiljek boluň!
Şula gowy eken diýiljek boluň!
Durmuşuň ýolunda yza ýöremäň,
Mydam öňe tarap ätlejek boluň!
Ölen ýitenlermiz ýatlajak boluň!
Adamlara mydam ýagşylyk ediň,
Gamgyn adamlary şat etjek boluň!
Özüňizem mydam şatlanjak boluň!
Garaz bakyýete rowan bolaňda,
Diňe gowylykda ýatlanjak boluň!

Awtor: Allaberdiyew Arslan
« Öňki. (12 из 63) Indiki. »
Paýlaşdylar: (0)
* (3) *
В соц. сети:
Teswir: (6)
* Şahsy bloglar | 66970297 | ÝATLANJAK BOLUŇ
Baş sahypa
© SAYALY.COM - 2018ý
ÄHLI HUKUKLAR GORALAN
SAYALY ANDROID PROGRAMMASY