DSBlog - Durmyşy we bolan wakalar
* Şahsy bloglar | Akapella | Durmyşy we bolan wakalar
Avatar Автор: Akapella ( 4 Ноября 2018 в 05:32)
Görilen: 21
Soýgumdir
Ertir saba-säher sag-aman örseň,
Bu-da meniň saňa bolan söýgimdir.
Gijeler süýjüje düýşleri görseň,
Bu-da meniň saňa bolan söýgimdir.
Maňa beren, şol bäş mintlik rugsadyň,
Oturyp, ýada salan pursadyň,
Sanjylaýsa, birsyhly çep gursagyň,
Bu-da meniň saňa bolan söýgimdir!
Ýazan hatlarymy okaňda başlap,
Düşse gözüň, diýen sözlerme: "başlyk",
Gözüňden aýyrsa, hapasyn — ýa:şlar,
Bu-da meniň saňa bolan söýgimdir!
Durmuş hakda söz açsalar özgeler,
Saňa-da sözleriň gezegi geler,
Şonda dymyp, ýüzüň gyzarsa eger,
Bu-da meniň saňa bolan söýgimdir!
Gamgyn wagtyň, ýa bir ýeriň agyrsa,
Ýa gahar-gazabyň seni çagyrsa,
Şu goşgymy okap çala ýylgyrsaň,
Bu-da meniň saňa bolan söýgimdir!
Bu durmuşdyr, gyş, ýaz, tomus, güýzem bar,
Her pasylyň öz tikeni, güli bar,
Söýse biri, seni ýürek berip ýar
Şolam meniň saňa bolan söýgimdir!
« Öňki. (34 из 89) Indiki. »
Paýlaşdylar: (0)
* (2) *
В соц. сети:
Teswir: (1)
* Şahsy bloglar | Akapella | Durmyşy we bolan wakalar

© SAYALY | 2019
Счетчики