Goşa çynaryň saýasynda gürrüňdeşlik
DSBlog - Terk edip
* Şahsy bloglar | Akapella | Terk edip
No Avatar Автор: Akapella ( 4 Ноября 2018 в 05:36)
Görilen: 9
Gara dumanlara garylar dünyä,
Senden haýyş gitme derde gark edip.
Göz ýaşlarym edil sil deý dökülýä,
Ömür baky gitme meni terk edip.
Aýralygyň derdin çekdirme maňa,
Ýatlap seni ýatman gijeden daňa.
Däli, diwana men söýgüden ýaňa,
Ömür baky gitme meni terk edip.
Zaryn-zaryn bakyp gara gözüňe,
Ynan meniň aýdan her bir sözüme.
Hat-da seni dözmerin men özüme,
Ömür baky gitme meni terk edip.
Sensiň meniň ýüregimiň owazy,
Kalbymda ýaňlanýar söýgüniň sazy.
Näme bolsa, bolsun gitmeseň razy
Ömür baky gitme meni terk edip.
Nirä gitseň meni hem alyp gitgin,
Gaýgy-gussadan meni halas etgin.
Meň adymy öz ýüregiňe çitgin,
Ömür baky gitme meni terk edip.
Meredow Gurbanmämmet.
« Öňki. (3 из 59) Indiki. »
Paýlaşdylar: (0)
* (0) *
В соц. сети:
Teswir: (1)
* Şahsy bloglar | Akapella | Terk edip
Baş sahypa
© SAYALY.COM - 2018ý
ÄHLI HUKUKLAR GORALAN
SAYALY ANDROID PROGRAMMASY