Goşa çynaryň saýasynda gürrüňdeşlik
DSBlog - Hiç zat gürleme
* Şahsy bloglar | Zehin | Hiç zat gürleme
Avatar Автор: Zehin ( 1 Дек 2018 в 17:23)
Görilen: 13
Maňa söýgi hakda hiç zat gürleme,
Çydardan juda kyn söýginiň derdi.
Ol ejiziň asla golundan gelmez,
Yşk... müzzerder eken "men" diýen merdi.
Maňa söýgi hakda hiç zat gürleme,
Agtarmaly toslamalaň gatyny,
Geçmiş depderçesin reňklere boýan,
Ýatlamak islämok, söýgi hatyny.
Hatda, ne hakykat ne-de bir çäk bar,
Owadan sözleri tutup ýalana,
Diňe bir meni däl, aldap özüni,
Nälet bolsun, şeýle haty ýazana.
Hiç zat gürlemäň siz, söýgi hakynda,
Gürlemäň siz ýüregimi dagladyp,
Eý , adam çagasy neneň dözýärsiň?!
Bigünä ynsany ýeke agladyp?!
Söýgi päk hem bolsa, sarpasyn tutman,
Söýgiň adyn garalaýandyr ynsan,
Goý durmuşdan çyksyn ýalan söýgüler,
Ynsanlara özüň berewör ynsap.
Meredow Gurbanmämmet (özüm)
« Öňki. (3 из 63) Indiki. »
Paýlaşdylar: (0)
* (4) *
В соц. сети:
Teswir: (8)
1 2 >
* Şahsy bloglar | Zehin | Hiç zat gürleme
Baş sahypa
© SAYALY.COM - 2018ý
ÄHLI HUKUKLAR GORALAN
SAYALY ANDROID PROGRAMMASY