Goşa çynaryň saýasynda gürrüňdeşlik
DSBlog - Sensizlik ölüme barabar eken
* Şahsy bloglar | Zehin | Sensizlik ölüme barabar eken
Avatar Автор: Zehin ( 2 Дек 2018 в 11:30)
Görilen: 12
Birden manysyny ýitirdi durmuş,
Gaýyp boldy gözden bagtyň melegi,
Ganat baglap uçup ýören kalbymyň.
Tozap düşdi iň arzyly ýelegi.
Bagt hakynda sözlemäge sözüm ýok,
Arzuw etmägede galmady umyt,
Öz derdime diňe özüm düşünip ,
Bir gyrada ýalňyz otyryn dymy:p.
Arzuw gapysyny ýapandan soňra,
Umyt nädip kaksyn meniň gapymy?!
Dünýä baýlygyna çalyşmajagym,
Elden berdim iň gymmatly hakymy?!
Gyraw sepeledi gara saçyma,
Ýüregime çümdi owuly tiken,
Galtaň düşüp, güler ýüzüm saraldy,
Sensizlik ölüme barabar eken.
Meredow Gurbanmämmet
« Öňki. (2 из 63) Indiki. »
Paýlaşdylar: (0)
* (4) *
В соц. сети:
Teswir: (4)
* Şahsy bloglar | Zehin | Sensizlik ölüme barabar eken
Baş sahypa
© SAYALY.COM - 2018ý
ÄHLI HUKUKLAR GORALAN
SAYALY ANDROID PROGRAMMASY