DSBlog - Agladyň.welin..
* Şahsy bloglar | Akapella | Agladyň.welin..
Avatar Автор: Akapella ( 12 Янв 2019 в 20:02)
Görilen: 13
SEN MENI ŞEÝLE BIR ALDADYŇ WELIN...
Sen meni şeýle bir aldadyň welin,
Dünýäň çepbe çöwrülerne yrzadym.
Gaýtdym.
Ýöne dowul düşüp ýüregme,
Göýä yzda galan ýaly bar zadym,
Umytlam aýagma çolaşdy şonda
Köýdüren arzuwlaň nalyşy bilen.
Sen dözüpdiň söýgä.
Menem şoň üçin
Yzda ýanan yşkyň galyşy bilen
Ahmyrda, armanda ylalaşdym, wah..!
Şo mahal kalbymda ilkinji kerep
döredi-de, dönüp galdy zibile.
Seret!
Sowadym hut şu owadan dünýäden,
Sen şo gün şeýle bir aldadyň welin.
...Doňan ýürek erärdenem geçipdir,
Sen şu gün şeýle bir agladyň welin...
Sapa hommatow
« Öňki. (131 из 198) Indiki. »
Paýlaşdylar: (0)
* (2) *
В соц. сети:
Teswir: (0)
Hat ýok
* Şahsy bloglar | Akapella | Agladyň.welin..

© SAYALY | 2019
Счетчики