Goşa çynaryň saýasynda gürrüňdeşlik
DSBlog - Durmushyñ durnalary
* Şahsy bloglar | Akapella | Durmushyñ durnalary
No Avatar Автор: Akapella ( 12 Янв 2019 в 20:04)
Görilen: 5
— Bu dünÿäde men ÿeke däl, ÿalñyz däl.
Ÿa bir ÿüzi ÿyrtylmadyk boÿ gyz däl,
Göwnüm çökse bosh pishedesh küÿsämok.
Ÿa käsedesh, ÿa çüÿshedesh küÿsämok.
Men pikirdesh,
Men köñildesh küÿsenÿän.
Geplände gepini diñledip bilÿän,
Ÿatlanda gulagmy shañladyp bilÿän,
Añyma, duÿgyma möwç berip ÿören,
Durmush durnasynyñ hataryn gören
Bir höwürdesh isleÿän,
Çyn döwürdesh isleÿän!
Isleÿän — ÿüregin atashdan beslän
Kalby gülüstany, kalby bossany,
Beÿnisi toshap deÿ goÿalyp esrän,
“Hyjuw hupbatyna uçran hassany”!
Isleÿän — gözÿashyn ÿashyrman ilden,
Aglanyñ agysna aglap bilÿäni.
Müñ dürli müshk alyp ÿekeje gülden,
Müñküriñ münüsin daglap bilÿäni.
Küÿseÿän — asman deÿ dury didäni,
Aÿdymlary mydam — meÿli badany.
Durmush kyssasyny süñkden ötüren
Shohy,
Shahandazy,
Shahyrzadany!
Garly gaÿalaryñ bashyndan bashak
Dashlary togarlap iÿnen sil ÿaly,
Bahar gijeleri kenaryn ogshap,
Josha gelen Jeyhun ÿaly, Nil ÿaly
Tebil urup, kalp shährimi örüzip
Damarymdan porhan bolup aksa ol.
Günde set müñ sowal berip,
Irizip.
Beÿnime pähimdir
Tohum sepe ol!
Dogry oÿlarymyñ egri ÿollaryn
Ÿaltanmasa —
Külterlese,
Sökse ol.
Bilini berk gushap, çyzmap gollaryn,
Meniñ bilen herne ÿola çyksa ol!
Men pikirdesh, men köñüldesh küÿseÿän,
Hem döwürdesh,
Hem ömürdesh küÿseÿän!
Awtoryn bilemok
« Öňki. (2 из 70) Indiki. »
Paýlaşdylar: (0)
* (0) *
В соц. сети:
Teswir: (1)
* Şahsy bloglar | Akapella | Durmushyñ durnalary
Baş sahypa
© SAYALY.COM - 2018ý
ÄHLI HUKUKLAR GORALAN
SAYALY ANDROID PROGRAMMASY