DSBlog - Sahyryn duysi
* Şahsy bloglar | Durdyyewa | Sahyryn duysi
Avatar Автор: Durdyyewa ( 16 Янв 2019 в 14:30)
Görilen: 10
ŞAHYRYŇ DÜÝŞI
Çagyr meni duşuşyga jennetde,
Şeýtan eştmez ýaly pyşyrdap adym.
Çagyr meni, bararyn men elbetde,
Çykyp gaýdan umydym bor şaýadym.
Bolanlary ýatlap sorag berme sen
hem aglama — ýene-de bir belligim.
Köp şatlyga sebäp boldy, bilmeseň,
Taňra ynam eden töwekgelligim.
Çagyr meni islän çagyň, keýpine,
Bararyn sepinip halaýan atryň.
Oýalykda görlen düýşleň seýline
Gideýin atlanyp al ganat atym.
Köp ýollary söküp, söhbet gurundym,
Köp synalan Haka diýdim: “Gorama!”
Şem deý gözleň ugrunda kän urundym,
“Sen şolary söýdüňmi?” diýp sorama.
Üfledim sen taýa, aglap üfledim
Ellerime gonan perişdeleri.
Bararyn men duşuşmaly möhledim,
Didarymy serip goýup ileri.
Köp diňledi zaryn ýelin pelegiň
Perişdeler garawullan oraçam.
Çagyr meni!
Çagyr ahyr, melegim!
Duşuşygy eýläp bir gün oraşan.
Seýitmyrat GELDIÝEW
« Öňki. (318 из 388) Indiki. »
Paýlaşdylar: (0)
* (2) *
В соц. сети:
Teswir: (0)
Hat ýok
* Şahsy bloglar | Durdyyewa | Sahyryn duysi

© SAYALY | 2019
Счетчики