DSBlog - Duýgymyň sesi.
* Şahsy bloglar | Akapella | Duýgymyň sesi.
Avatar Автор: Akapella ( 12 Фев 2019 в 20:37)
Görilen: 10
Tez maral deý önüp ösdüm düzlerde,
Giñ ýaýlasy derdin gutar hassanyñ.
Öz derdimi diýe bilmen sizlerge,
Men gedaýy ýazylmadyk dessanyñ.
Ýürek kapasada erksiz galgadym,
Göwnüm zynjyrlanan ýokdur ganatym,
Mähir küýsäp derdim gozgan halatym,
Suwsadym şygryna ,ajap şygryňa
Aşyk boldum däli-telbe şygryna,
Men dözmedim oñ dözmedik jebrine,
Kimler ötdi yşk odundan jibrine,
Arasynda zemin bilen asmanyñ.
Ýüzüm tutdum bu dünýäniñ howruna,
Ýanyp bişdim ataşyna gowrula,
Bir gün çykar janym tenden sowrula,
Gözün ýaşlar, bagryn daglar hossarym.
« Öňki. (127 из 198) Indiki. »
Paýlaşdylar: (0)
* (2) *
В соц. сети:
Teswir: (2)
* Şahsy bloglar | Akapella | Duýgymyň sesi.

© SAYALY | 2019
Счетчики