DSBlog - Ýogsa
* Şahsy bloglar | Zehin | Ýogsa
Avatar Автор: Zehin ( 17 Фев 2019 в 13:42)
Görilen: 3
Kalbyma şeýle bir ýara salypsyň,
Peýdasy ýok indi näçe aýtsaňam,
Ahmyrly, dünýäniň toryndan çykyp
Parhy ýokdur, indi yza gaýtsaňam
Tyg düşen kalbymda saňa orun ýok,
Yşkyň derýasyna gaýyksyz atdyň,
Seni söýüp, seni apalan ýörkäm,
Duýgymyň gapysyn ümsümje ýapdyň.
Çabalandym yşkyň düýpsüz deňzinde,
Şol pursat öňüme basypdyň nogta,
Menden artyk söýen ýaryň barmydy?!
Özgeden kemem-ä söýmändim ýogsa.
« Öňki. (472 из 546) Indiki. »
Paýlaşdylar: (0)
* (0) *
В соц. сети:
Teswir: (0)
Hat ýok
* Şahsy bloglar | Zehin | Ýogsa

© SAYALY | 2019
Счетчики