DSBlog - Saňa näme boldy?
* Şahsy bloglar | Zehin | Saňa näme boldy?
Avatar Автор: Zehin ( 17 Фев 2019 в 13:47)
Görilen: 6
Ýüzüňden gar ýagýar, gözüňden gaýgy,
Öňki ýylgyrşyňdan galmandyr nyşan,
Sözle içki syryň, döküp ýüregiň,
Näme sebäp bilen beýle perişan?!.
Ýa-da, kimdir bir seni ynjydyp,
Sözler bilen, agyr urgy urdymy?!
Ýa-da, aldaw bilen ýa, müň al bilen,
Saňa jeren kimin duzak gurdymy?!
Haýsy näkes, haýsy pelaket seni,
Bigamly günüňden eýledi jyda?!
Ýürek parçalaýjy halyňa bakyp,
Gynandym men örän... gynandym juda.
Aýdaýsana dönmän doňara daşa,
Gözgyny dymşyňa ýürek byjyklap,
Synlap duýdum has dogrusy şu pursat,
Ýylgyrdybam bolmaz seni gyjyklap .
« Öňki. (471 из 546) Indiki. »
Paýlaşdylar: (0)
* (1) *
В соц. сети:
Teswir: (1)
* Şahsy bloglar | Zehin | Saňa näme boldy?

© SAYALY | 2019
Счетчики