DSBlog - Watanym...
* Şahsy bloglar | Zehin | Watanym...
Avatar Автор: Zehin ( 17 Фев 2019 в 14:10)
Görilen: 2
Asuda asmanda, päkiz zeminde,
Erkana gün dogup, ýaşýar erkana,
Eziz Watan, Türkmenistan diýarym,
Seniň görküň, gülden diýseň görkana.
Garaşsyz, Bitarap mekanym meniň,
Ýaşyl tugum, ýaşaýşymyň gözbaşy.
Eziz Arkadaga, eziz Watana,
Alkyşdan, başlanýar aýtjak sözbaşym.
Ak şäherim gözelligiň nusgasy,
Ak binalaň, asudalyk nyşany,
Gözelleşýär, gül diýarym günsaýyn,
Watanymyň artýar şöhraty-şany.
Jana, melhem Watanymyň howasy,
Ösümlik dünýäsi, derdiň dermany,
Halkyň üçin, Watan üçin, bähbitli,
Arkadagyň çykarýan her permany.
Seň goýnuňda bagtyýardyr nesiller,
Alkyş, aýdyp Arkadagyň adyna,
Öňe, Türkmenistan Watanym öňe,
Göz degmesin, bedew batly badyňa.
« Öňki. (117 из 194) Indiki. »
Paýlaşdylar: (0)
* (0) *
В соц. сети:
Teswir: (0)
Hat ýok
* Şahsy bloglar | Zehin | Watanym...

© SAYALY | 2019
Счетчики